Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 26-njy martda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine daşarky bazarda hem, içerki bazarda-da isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny, Owganystanyň we BAE-niň işewürleri bolsa «A-92» kysymly ulag benzinini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýle-de Gruziýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, singapurly işewürler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden «B» kysymly karbamidi, Azerbaýjanyň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 120 million manada we 306 million 867 müň 50 amerikan dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.