27-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda nebitgaz senagatynyň önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikleriň hem köpüsi baglaşyldy.
Has takygy, daşarky bazarda Gruziýanyň we BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, Türkiýäniň işewürleri bolsa ýerli işewürlerden “SN-200” kysymly regenirlenen başlangyç ýagyny we 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Azerbaýjanyň telekeçileri ýurdumyzyň işewürlerinden dokma önümlerini we BAE-niň 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýle-de olar “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 million 715 müň manada we 5 million 120 müň 400 amerikan dollaryna deň bolan 16 geleşik baglaşyldy.