Türkmenistanda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, seýsmiki barlag işlerini döwrebap enjamlaryň kömegi bilen geçirmek, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak üçin türkmen geologlary tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijeliligini has-da artdyrmak üçin “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň agzalan korporasiýa tarapyndan ýerine ýetirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýer “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.