744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.03.2026
Geçen hepde birža söwdalarynda nebit önümleri uly islege eýe boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine isleg yzygiderli artýar. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň dowamynda geçirilen birža söwdalary hem aýdyň görkezdi.

Geçen hepdedäki birža söwdalaşyklarynda geleşikleriň ençemesi baglaşylyp, olaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikleriň hem köpüsi bar.

Hususan-da, daşarky bazarda Türkiýäniň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Singapuryň işewürleri ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerini satyn aldylar. Şunda «A-92» kysymly ulag benzini we «SN-180» kysymly başlangyç ýagy ýerlenildi.

Içerki bazarda bolsa telekeçilerimiz «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni, «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny, soekstrudirlenen gaplama örtügini, peç ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

«TPP D 30 S» kysymly polipropilen we «SN-600» kysymly başlangyç ýagy içerki bazarda-da, daşarky bazarda hem satyn alyndy. Şeýle-de «SN-200» kysymly regenirlenen başlangyç ýagyny we beýleki önümleri satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy