744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.04.2026
Nebit önümleri daşary ýurtly we ýerli telekeçilere ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 31-nji martda geçirilen söwdalaşyklarda-da ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine uly isleg bildirildi. Netijede, şeýle önümler birža söwdalarynda içerki bazarda-da, daşarky bazarda hem ýerlenildi.

Hususan-da, daşarky bazarda BAE-niň we Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D382 BF” kysymly polipropileni, Gruziýanyň telekeçileri bolsa “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny we “TPP Z 30 G” kysymly polipropileni, şeýle-de Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 4 million 172 müň 500 manada we 878 müň amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy