744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.04.2026
Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen Teswirnamalara gol çekildi

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýakynda geçirilen «Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» işewürler maslahatynyň çäklerinde resminamalara gol çekmek dabarasy hem boldy. Hususan-da, maslahatyň möhüm netijesi hökmünde iki sany Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama üýtgetmeler girizmek ba­radaky Teswirnama 2 million ýewro möçberinde goşmaça maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegini we «ÝB Türkmenistanyň "ýaşyl" ösüşi üçin» taslamasynyň iş möhletini bir ýyl uzaltmagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama üýtgetmeler girizmek baradaky Teswirnama gol çekildi. Bu resminamada «ÝB durnukly Merkezi Aziýa üçin: Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» taslamasyna goşmaça maliýe serişdelerini bölüp bermek göz öňünde tutuldy.

Çäräniň ahyrynda metbugat maslahaty we birnäçe işewür duşuşyklar geçirilip, olara gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň anyk ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Işewürler maslahatynyň dowamynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň Türkmenistandaky ýurt boýunça müdiri jenap Yoahim Frits: «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz ekologiýa gün tertibiniň we ykdysady ösüşiň aýrylmaz baglanyşykly bolan täze derejesine çykýar. Geçirilen maslahat diplomatik gepleşikleri sebitiň durnukly geljegi üçin esas bojak anyk maýa goýum taslamalaryna öwürmek üçin üýtgeşik meýdança boldy» diýip belledi.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti­