Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 25-nji aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga 31-nji martda gol çekdi we bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümini tassyklady.
Resminama türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen kabul edildi.