744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.04.2026
«Türkmengaz» we «CNPC» täze şertnama gol çekdiler

Paýtagtymyz Aşgabatda 16-njy aprelde Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň IV tapgyryny ulanyşa doly taýýar görnüşinde amala aşyrmak boýunça şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama Türkmenistan tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Hytaý tarapyndan bolsa «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň başlygy Du Ýuýmin gol çekdiler.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berlendigini habar beripdik.

Maglumat üçin aýtsak, şu gün Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga bermek dabarasy

geçirilýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi