744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.04.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni bolar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günleriniň geçiriljekdigini mälim etdi.

Dalaşgärler bilen duşuşyklar Aşgabat şäherindäki uniwersitetiň binasynda hem-de ýokary okuw mekdebiniň Balkanabat şäherinde ýerleşýän şahamçasynda 22-nji aprelde we 6-njy maýda sagat 15:00-da başlanar.

Halkara nebit we gaz uniwersiteti orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullukçylary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary hem-de okuwa girmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Şol günlerde ýaşlar uniwersitetde sapaklaryň geçilişi, bilim-terbiýe we köpçülikleýin medeni çäreler, sport sapaklarynyň guralyşy bilen tanyş ediler.

Dalaşgärlere ýokary okuw mekdebinde ylym we bilimiň ösmegi, taýýarlygyň we hünär ugurlary bilen, şeýle-de gowy bilim almak we rahat ýaşaýyş üçin döredilýän şertler, alnyp barylýan işler barada maglumat berler.

Dalaşgärler şeýle hem okuw otaglary, maglumat-tehnologik merkezleri, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen we dünýä ülňülerine gabat gelýän, amaly dersler geçilýän barlaghanalar bilen tanyşdyrylar.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy.

Goşmaça soraglar üçin telefon belgileri: 39-13-05, 39-13-18.

Dalaşgärler degişli maglumatlar bilen uniwersitetiň saýtynda hem tanyş bolup bilerler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti