Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine islegler yzygiderli artýar. Munuň şeýledigini geçen hepdedäki söwdalaşyklar hem görkezýär. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alnyp, olaryň arasynda nebit önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikler hem bar.
Has takygy, daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň telekeçilerine ýarym fabrikat mitkal matasy, nah ýüplük, pagta süýümi, bugdaý uny, dokma önümleriniň galyndylary, portlandsement ýerlenildi.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), dokma önümleriniň galyndylaryny, pagta süýümini, polipropilen plýonkasyny, metallaşdyrylan polipropilen plýonkany satyn aldylar.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti