744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.05.2026
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

10-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyza toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gurluşyklaryň depgini barada giňişleýin maglumat berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ilki toplumyň merkezi girelgesinde oturdylan bedew heýkelini, girelgäniň aýmançalarynyň bezeg aýratynlyklaryny we toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. “Bu ýerde alnyp barylýan işler künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesine aýratyn üns berilmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Soňra bu ýerde topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary, ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumatlar berildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluň germewleriniň, ýol belgileriniň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz toplumyň çapuw meýdançasynyň tomaşaçylar üçin niýetlenen münberine hem bardy. Şeýle-de toplumyň açyk manežiniň gurluş aýratynlyklary, bu ýerde atlaryň gözellik bäsleşiklerini guramak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz toplumyň otaglarynyň içki bezeg işlerine ünsi çekip, otaglarda ýerleşdirilýän şekilleriň görnüşleriniň onuň ähmiýetine laýyk derejede bolmalydygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy toplumda gurluşyk we bezeg işleri boýunça häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa bu ýerde ulanylýan tejribeleri özleşdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi