744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.05.2026
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şu mynasybetli Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi boldy.

Çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Mejlisiň wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar hem-de paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Bu ýerde Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy. Soňra çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.

Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül goýmak çäreleri geçirildi. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi