Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji maýda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa Özbegistanyň işewürleri ýerli işewürlerden pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny (ÇÝT) hem-de BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 27 million manada we 235 müň 500 amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy