Malaýziýa harytlyk gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek we burawlamak boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Şeýle-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji maýda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen bolan duşuşygynda aýdyldy. Munuň özi iki ýurduň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklaýar.
Myhman Milli Liderimizi Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.
Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim we medeniýet ýaly strategik ugurlary öz içine alýan türkmen-malaý gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtap, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde Malaýziýanyň kompaniýalarynyň mynasyp goşandyna ünsi çekdi.
Ýangyç-energetika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetine ýokary baha berilýändigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilelikde köp işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy we pursatdan peýdalanyp, kompaniýanyň işgärlerini bu iri energetika düzüminiň Türkmenistanda işe başlamagynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Malaýziýanyň wekili «PETRONAS» kompaniýasynyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Milli Liderimiz geçen döwrüň içinde «PETRONAS» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde we nebitgaz pudagy üçin ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamakda uly goşant goşan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini belledi.
Taraplar ýurdumyzyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hazar deňzindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri barada pikir alyşdylar.
Gahryman Arkadagymyz tagallalaryň gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Malaýziýanyň wekili kompaniýanyň bu ugurda birnäçe teklipleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, energiýa tygşytlaýjy ulgamlary kämilleşdirmekde, ekologik howpsuzlygy berkitmekde hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi