2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek 25-nji «Ak şäherim Aşgabat 2026» (WCA 2026) atly Halkara serginiň we maslahatyň Guramaçylyk topary «Çalık Enerji» kompaniýasynyň öňde boljak bu halkara çäräniň Baş hyzmatdaşy bolandygyny yglan etdi.
Bu hyzmatdaşlyk infrastrukturany ösdürmek, senagaty döwrebaplaşdyrmak, energetika hyzmatdaşlygy we durnukly şäher özgertmeleri meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy sebit meýdançasy hökmünde «Ak şäherim Aşgabat 2026» çäresiniň barha artýan halkara ähmiýetini nygtaýar.
1998-nji ýylda «Çalık Holding»-iň düzüminde esaslandyrylan «Çalık Enerji» kompaniýasy Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada, Afrikada, Balkanlarda, Türkiýe Respublikasynda, Ýewraziýada we Ýewropada iş alyp barýan esasy halkara energetika we gurluşyk-infrastruktura kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýa inženerçilik, üpjünçilik we gurluşyk (EPC), elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, sanlylaşdyrma hem-de döwrebap energetika ulgamyny ösdürmek ýaly ugurlara ýöriteleşndir.
«Çalık Enerji» dünýäniň 12 ýurdunda 36 taslamany amala aşyrmak we 10 GWt möçberinde gurnalan kuwwatlylygy üpjün etmek arkaly giň gerimli hem-de tehniki taýdan çylşyrymly energetika taslamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň netijesinde halkara bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrdy. Ýokary hünärli inžener-tehniki topara daýanmak bilen, kompaniýa innowasiýalara, amaly netijelilige, inženerçilik kämillilige we uzakmöhletli durnukly ösüşe aýratyn üns berip, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam edýär.
Türkmenistan «Çalık Enerji» üçin esasy strategik bazarlaryň biri bolmagynda galýar. Bu ýerde kompaniýa milli energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň we degişli energetika ulgamlarynyň gurluşygyna uly goşant goşdy. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy milli energetika kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, energiýa ulgamynyň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de ýurduň senagat we ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipeleriniň goldanylmagyna ýardam edýär.
Öňdebaryjy tehnologiýalara, netijeli energetika ulgamlaryna we döwrebap gurluşyk çözgütlerine yzygiderli maýa goýumlary arkaly, «Çalık Enerji» öz iş alyp barýan sebitlerinde durnukly we geljege gönükdirilen energetika torlarynyň döredilmegine goldaw berýär. Kompaniýa has ekologiýa taýdan arassa, netijeli we durnukly energetika geljeginiň kemala gelmegine goşant goşmak bilen, energetika we infrastruktura ulgamynda ygtybarly halkara hyzmatdaşy hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirýär.
Baş hyzmatdaş derejesi «Ak şäherim Aşgabat 2026» çäresini geçirmäge işjeň halkara taýýarlyk görülýän döwürde berildi. Maslahatyň senagat ösüşiniň geljegi, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we durnukly şäher gurluşygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, öňdebaryjy dünýä energetika we gurluşyk kompaniýalarynyň wekillerini, maýadarlary, şäher ösüşi boýunça hünärmenleri we pudaklaýyn ýolbaşçylaryň bir ýere jemlejegine garaşylýar.
Şu günki güne çenli dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil bu çärä gatnaşjakdygyny eýýäm tassyklady. Artýan halkara gyzyklanmasy «Ak şäherim Aşgabat 2026» çäresiniň döwlet düzümleriniň wekillerini, maýadarlary, potratçylary, tehnologiýa üpjün edijilerini we senagatçylary birleşdirýän sebit meýdançasy hökmündäki ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny nygtaýar.
Energetika geçişi, senagat durnuklylygy, akylly şäher ösüşi we durnukly infrastuktura meselelerine ähliumumy ünsiň artmagy bilen, «Ak şäherim Aşgabat 2026» strategik gepleşikler, maýa goýum arkaly özara hereketler we taslamalary amala aşyrmak boýunça amaly hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasy hökmünde çykyş edýär.
Çäre barada giňişleýin maglumat onuň resmi web-saýtda elýeterlidir: White City Ashgabat Official Website