Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 13-nji maýda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Has takygy, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” we “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa Türkiýäniň telekeçileri ýerli işewürlerden çig ýüpegi satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 21 million 225 müň manada we 60 müň amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy