13-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklarda ýangyç-energetika toplumy hem möhüm ugurlaryň biridir. Bu ulgamda Tatarystanyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen hünärmenleri tatarystanly kärdeşleri bilen uglewodorod serişdelerini çykarmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Hereket edýän nebit ýataklarynyň işini işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalar olaryň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Kazanyň Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady.
Ikiçäk duşuşykda söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.
Soňra iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň şeýle forumlara işjeň gatnaşýandygyny, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň nobatdaky foruma milli pawilýony bilen gatnaşmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda iki halkyň doganlyk gatnaşyklarynyň köpasyrlyk däplere, ruhy-medeni umumylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygy, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň IT merkezi hökmünde Tatarystanyň tejribesine ýurdumyzda uly gyzyklanma bildirilýändigini we tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Nebitgaz, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy.
Milli Liderimiz bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibini goldaýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana sapary dowam edýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi