14-nji maýda hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny, Dokma senagaty ministrliginden nah matany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa Gyrgyzystanyň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 8 510 000 manada we 1 516 000 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy