13-nji maýda Kazanda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisi açyldy. Onuň dowamynda Türkmenistana Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi. Guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Malik öz çykyşynda 2028-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky meselä häzirden seredilýändigi we bu boýunça degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtdy.
2026-njy ýylda "Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" derejesi Kazan şäherine berildi. Gahryman Arkadagymyz şu mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşmak bilen, onda çykyş etdi we birnäçe teklipleri öňe sürdi.
"Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şolaryň hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu duşuşygy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer ulgamdaky köptaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilik hasaplaýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi