Kazan halkara atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary geçirildi. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar.
At çapyşyklaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem tomaşa etdiler.
Ilkinji at çapyşygynda ýurdumyzyň ussat çapyksuwary B.Agamyradow ynamly ýeňiş gazandy.
At çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary tatar atlarynda ýaryşa gatnaşdylar. Örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçen at çapyşygynda ezber türgenlerimiz ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlary eýelediler. At çapyşygyndaky baýraklar ahalteke atlarynyň hormatyna goýuldy. Olary almak türkmen türgenlerine nesip etdi.
1 müň 800 metr aralyga geçirilen ýene bir çapyşykda ýurdumyzyň çapyksuwarlary ezberliklerini görkezdiler. Bu çapyşykda B.Berdimuhammedow pellehana birinji bolup gelmegi başardy.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Gahryman Arkadagymyz ussat türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.
Ildeşlerimiz milli atşynaslygy ösdürmäge we öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň aýratynlyklary, onda döredilen şertler bilen hem tanyşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi