744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.05.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana sapary tamamlandy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlandy. Şol gün saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.

Saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline bardylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi