744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Şu mynasybetli şol gün ir bilen paýtagtymyz Aşgabatda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi. Bu baýramçylyk dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.

Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanansoň, hormatly Prezidentimiz Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýdular.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Baş baýdak meýdançasynda dabaralar geçirildi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi