«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde welaýat derejesindäki bäsleşik geçirildi. Ol ýöriteleşdirilen platformalar we wideoaragatnaşyk serişdeleri arkaly Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda guraldy.
Bäsleşige «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi gatnaşdylar.
Giň ugurlary öz içine alan bäsleşik talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmek we hünär bilimlerini ösdürmek maksady bilen geçirildi. Onuň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilmegi bu bilim ojagynyň sebitde abraýly orna eýedigini görkezýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti