Ýakynda Balkan welaýatyndan çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar käninde gazdan nebit kondensatly garyndyny saýlaýjy we akdyryjy döwrebap täze desga işe girizildi.
Uzynada käninden alynýan önümleri bökdençsiz akdyrmaga şert döretjek bu desgany «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda, şol trestiň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary gysga möhletde bina etdiler.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan taslamalaşdyrylan bu desgada ornaşdyrylan üç basgançakly separator enjamlary Uzynada käninden alynýan nebit we gaz kondensatly garyşyk önümiň düzümindäki gazy nebit kondensatly garyndydan, suwdan hem-de beýleki mehaniki gyryndylardan ýokary hilli saýlamaga mümkinçilik berýär.
Täze desganyň önümçilik kuwwaty örän ýokary bolup, ol bir gije-gündiziň dowamynda 3 million kub metr tebigy gazy we 2 müň tonna nebit gatyşykly kondensaty saýlamaga ukyplydyr. Ýerli gurluşykçylaryň, taslamaçylaryň we nebitçileriň agzybir zähmeti netijesinde gurlan bu desga Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti.