744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.06.2026
Türkmenistanyň nebit-gaz önümleri birža söwdalarynyň özenini düzdi

Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda bolsa Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Mundan başga-da, Serbiýanyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny hem-de guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň işewürleri buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Duşenbe güni, 8-nji iýunda geçirilen söwdalaşyklaryň barşynda baglaşylan jemi 23 geleşigiň umumy bahasy 135 000 000,00 manada we 1 322 825,00 ABŞ dollaryna deň boldy.