«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Ylymlar güni mynasybetli «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy-amaly maslahat guraldy. Institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan guralan bu çärä önümçiligiň tejribeli ylmy işgärleri hem-de ýaş hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda energetika pudagynyň wajyp meseleleri, hususan-da, gaz, nebit we geologiýa ugurlary boýunça alnyp barylýan barlag işleriniň netijeleri we täze teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda birnäçe möhüm ylmy taslamalaryň, şol sanda «Galkynyş» käniniň gurluşyny seýsmiki taýdan öwrenmegiň we «Oilfield manager» (OFM) programmasynyň kömegi bilen ýataklaryň gorlaryny seljermegiň netijelerini görkezdiler. Şeýle hem tebigy gazyň düzümindäki kömürturşy gazyny peýdalanyşa girizmek, metallaryň häsiýetlerini ultrases hem-de magnit usullary arkaly barlamak we könelen gaz guýularyny netijeli özleşdirmek ýaly täzeçil çäreler barada gürrüň edildi.
Mejlisiň dowamynda tejribeli alymlar bilen ýaşlaryň arasynda gyzgalaňly sorag-jogap alşylandan soňra, maslahat öz işini aýratyn bölümçelerde dowam etdirdi. Çäräniň ahyrynda institutyň işinde göreldeli zähmet çeken we tapawutlanan işgärlerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.