Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren weýrançylykly ýertitreme zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan ýürekden duýgudaşlyk bildirdi hem-de medet beriji sözlerini ýollady. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýolbaşçysy tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini we arzuwlaryny beýan etdi.