Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 9-njy iýunda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Tamar Ioseliani we «Gruziýanyň demirýollary» PJ-niň Baş direktory Laşa Abaşidze bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Habar berlişi ýaly, resmi duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, özara maýa goýumlaryny çekmäge we beýleki gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy täze şerefe ýokardatmaga gönükdirildi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ugurda ösýändigi nygtalyp, taraplaryň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Söhbetdeşler bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we degişli edaralaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döretmegiň zerurdygyna aýratyn üns berdiler. Şeýle hem gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmegiň möhümdigi barada durlup geçildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary we taslamalary mundan beýläk-de öňe ilerletmek ugrunda konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.