Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Mejlisiň dowamynda ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslere hem-de birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara guramalar, şol sanda BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy hakynda aýdyldy.
Ykdysadyýet we halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda slowak tarapy bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki toparyň birinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şonuň bilen bir hatarda, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat diňlenildi. Nebitgaz pudagynda bolsa tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak we Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça resminamalara gol çekildi.
Oba hojalygynda welaýatlarda galla oragy möwsümini ýitgisiz geçirmek, däne kombaýnlarynyň we awtoulaglaryň bökdençsiz işini guramak, gowaça ideg etmek hem-de şaly ekişini guramaçylykly alyp barmak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle-de maldarçylyk hojalyklarynda ot-iým goruny döretmek we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak işleri dowam edýär. Senagat we dokma pudaklarynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň kuwwatyny artdyrmak hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilişini giňeltmek boýunça teklipler makullandy.
Medeni-ynsanperwer ulgamda 22 — 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk harçlary görkezildi. Ş herinde «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçün Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça hem degişli Karara gol çekildi. Döwlet Baştutanymyz Hökümet agzalaryny we bütin türkmen halkyny Ylymlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.