744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.06.2026
Nebitçileriň «Dehistan» folklor topary Balkanabatda başlanan Medeniýet hepdeliginde täze çykyşyny görkezýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa topary Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda açylan Medeniýet hepdeligine işjeň gatnaşýar. Hemişe täze döredijilik gözleginde bolýan bu meşhur topar şu gezekki dabaralar üçin ýurdumyzyň rowaç ösüşlerini wasp edýän ýörite täze programmasyny taýýarlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy we ol uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Ýurdumyzda 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda bu döredijilik forumynyň her ýyl bir welaýatda geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

22 — 27-nji iýun aralygynda guralýan bu düzümleýin medeni çäräniň dowamynda bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli täsirli duşuşyklar, sergiler we konsertler guralar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralaryna sebitiň tanamal bagşy-sazandalary we ýaş estrada aýdymçylary hem öz goşantlaryny goşýarlar.