744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.06.2026
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde sanly bilime bagyşlanan maslahat geçirildi

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni dürli çäreler we duşuşyklar bilen utgaşdy. Şonuň çäklerinde, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti» atly ylmy-usuly maslahat guraldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Maslahatda çykyş eden hünärmenler «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwrebap okatmak usullarynyň hem-de täze dersleriň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.

Şeýle hem emeli intellektiň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ösmegi bilen emele gelýän «akylly» jemgyýetiň talaplary ara alyp maslahatlaşyldy. Sanlylaşdyrmagyň zähmet bazaryna we bilim ulgamyna ýetirýän täsirleri, geljekde isleg bildiriljek hünärler we okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek baradaky meseleler maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň, döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu hepdelik türkmen medeniýetiniň baý mirasyny hem-de köpöwüşginliligini dünýä ýüzüne açyp görkezmekde, döredijilikli tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir.