744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.06.2026
Türkmen we hytaý nebit gaz uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygy berkidilýär

Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde 22-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu taslama taraplaryň bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Okuwlaryň açylmagy mynasybetli guralan çärä Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynyň diplomatlary, Pekiniň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de Aşgabatdan gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ylym-bilim ulgamynda we tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda gazanylan ýokary sepgitleri aýratyn bellediler. Şeýle hem şu ýylyň aprel ayynda HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda açylan «Lu Ban ussahanasynyň» netijeli işine ýokary baha berildi.

Işewürlik duşuşyklarynyň barşynda taraplar iki ýurduň nebit-gaz ugurly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek barada gürleşdiler. Şonuň bilen birlikde, bilim bermegiň hilini has-da gowulandyrmak we täze bilelikdäki bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Çäräniň resmi böleginden soň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri hem-de türkmen diplomatlary Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyk geçirdiler. Bu çärede Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekili ýaşlary ýurduň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy we 2026-njy ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýörelgäniň ähmiýeti barada gürrüň berdi.