744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.06.2026
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynda halkara duşuşyklar geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa 25-nji iýunda daşary ýurtly diplomatlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Duşuşyklarda ynsanperwerlik, saglygy goraýyş we durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.

Oguljahan Atabaýewa ilki bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Taraplar ýurduň durmuş-ykdysady ugurlaryny öz içine alýan bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini we munuň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýandygyny bellediler. Gaznanyň wise-prezidenti jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň we lukmançylyk ulgamyny berkitmegiň guramanyň işinde esasy orun tutýandygyny nygtady.

Şol gün Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen hem duşuşyk geçirildi. Ilçi palestina halkyna Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwer kömek üçin öz döwletiniň ýolbaşçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin bilen gepleşikleri geçirdi. Bu duşuşykda çagalaryň saglygyny goramak we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek baradaky meselelere seredildi. Gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlar bilen geljekki netijeli teklipler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Duşuşyklaryň ahyrynda taraplar özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna ynam bildirdiler.