744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.06.2026
Döwlet Baştutanymyzyň başlyklygynda wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere seredildi we birnäçe ugurlar boýunça hasabatlar diňlenildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Mejlisde milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzy ösdürmek we adam hukuklaryny goramak ugrunda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem parlament agzalarynyň halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ilçileri bilen geçiren duşuşyklary barada maglumat berildi. Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan çäreler baradaky hasabatda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümçiliklerini döretmek boýunça teklip hödürlenildi we ol goldanyldy. Şonuň bilen birlikde, elektroenergetika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we sarp edijileri bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün etmek baradaky çäreler makullandy.

Oba hojalygynda dowam edýän galla oragy, gowaça idegi, şalynyň we gant şugundyrynyň ekiş işleri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny gysga möhletde ýygnap almak we önüm öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek barada tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan täze teklip hem goldawa eýe boldy.

Dokma senagatynda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň çäginde galyndylary gaýtadan işlemegiň hasabyna täze önümçiligi ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bilim ulgamynda bolsa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly täze ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz bu taslamalary amala aşyrmaga rugsat berdi.

Medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler we öndürijilikli işler bellenilip geçildi. Döwlet Baştutanymyz 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi hem-de halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady.

Halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek boýunça degişli resminamalaryň taýýarlanylandygy barada aýdyldy. Mejlisiň ahyrynda döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meseleleri boýunça hem degişli çözgütler kabul edildi.