744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.06.2026
Hormatly Prezidentimiz Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eziz watandaşlarymyzy hem-de döredijilik wekillerini ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň medeniýet ulgamynyň täze belentliklere göterilmegine maddy we ruhy taýdan uly kuwwat berýändigi bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Häzirki wagtda medeniýetiň we sungatyň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem köpasyrlyk milli mirasymyzy wagyz etmekde we täze döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda döwrebap medeni binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde, döredijilik işgärleriniň joşgunly zähmet çekmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Türkmenistan halkara derejeli iri çäreleriň, festiwallaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralýan Medeniýet günleri dünýä halklarynyň özara tejribe alyşmaklaryna we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna giň ýol açýar. Ýurdumyzyň ýolbaşçysy geljekde hem medeniýet ulgamyny ösdürmäge, döredijilik adamyny höweslendirmäge we hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çäreleriň giň gerimde dowam etdiriljekdigini nygtady.