«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirligi 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynyň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Hasabat döwründe meýilnamalaýyn 7 müň 191 metriň ýerine 7 müň 387 metr çuňluk gazylyp, bu ugurdaky tabşyryk 102,7 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem Nebitdag, Günbatar Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe we Mydar nebitgaz ýataklarynda gurluşyk işleri tamamlanan 4 sany täze guýy buýrujylara tabşyrylyp, meýilnama 100 göterim amal edildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri tarapyndan dürli nebitgaz meýdançalarynda gurluşyk we gurnama işleri işjeň dowam etdirilýär. Hususan-da, Gündogar Çeleken meýdançasyndaky taslama çuňlugy 3 müň 600 metr bolan 90-njy ulanyş guýusynda barlag we taýýarlyk işleri alnyp barylýan bolsa, Mydar meýdançasyndaky 32-nji guýuda gazuw işleri dowam edýär. Şeýle hem Gündogar Demirgazyk meýdançasyndaky 400-nji buraw desgasynyň diň gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, Barsagelmez, Goturdepe we Mydar ýataklaryndaky 7 sany guýuda gazuw işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, 1971-nji ýylda düýbi tutulan Nebitdag buraw işleri müdirligine şu ýylyň 1-nji iýunynda 55 ýyl doldy. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty enjamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde has-da artdyrylýar. Müdirlik tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-70 DS», «ZJ-30T», «HJ-750» we «HJ-450» kysymly 12 sany kuwwatly buraw desgalary peýdalanylyp, geljegi uly bolan ýataklarda ulanyş guýularynyň burawlama işleri ýokary depginde amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň özeni hökmünde nebitgaz senagatyny ösdürmeklige gönükdirilen bu işler ýurdumyzyň energetika kuwwatyny has-da berkitmäge hyzmat edýär. Kärhananyň zähmetsöýer burawlaýjylary döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelmek we şanly ýylymyzy ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemlemek ugrunda öndürijilikli zähmet çekýärler.