744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.08.2026
Gahryman Arkadagymyz täze lukmançylyk toplumynda döredilýän şertler we sanly tehnologiýalar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji awgustda Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Täze döwrebap lukmançylyk toplumyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynda açmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Milli Liderimiz merkezde germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg bilen duşuşyp, gurluşyk we enjamlaşdyryş taslamalaryny synlady. Germaniýaly hünärmenler binada oturdylan emeli aňly, sanly ulgamly enjamlara we radioaktiw galyndylary zyýansyzlandyryş ulgamyna ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (AIEA) bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýändigi we 2026—2030-njy ýyllar üçin täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanylandygy bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň bölümlerini barlagdan geçirip, hünärmenleriň kämilligini ýokarlandyrmak, emeli aňy hem-de ýokary tizlikli interneti peýdalanmak, näsaglaryň we olaryň ýakynlarynyň maglumatlaryny sanly ulgam arkaly almagyny üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem paýtagtymyzyň "Çoganly" ýaşaýyş toplumynyň bu künjeginde saglyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etdirip, täze saglyk şäherçesini döretmek barada degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny hödürledi.