Halkara maýadarlaryň Türkmenistan baradaky garaýyşlary düýpli özgerýär we olaryň gyzyklanmasy diňe bir energetika pudagy bilen çäklenmän, eýsem, senagat, logistika hem-de sanlylaşdyrmak ýaly ugurlara giňeýär. Bu barada «The Investor» halkara neşiriniň global redaksion direktory Leandro Slowinski «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde belledi.
«Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan halkara derejesinde, esasan, özüniň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen tanalýardy. Häzirki wagtda bu garaýyş düýpli giňelýär» diýip, Leandro Slowinski aýtdy. Dünýäniň öňdebaryjy «CNPC» we «PETRONAS» kompaniýalary bilen onlarça ýyllara çekýän hyzmatdaşlygyň durnuklylygy hem-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyry ýaly iri taslamalar ýurdumyzyň ykdysady durnuklylygynyň we ynamlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Slowinskiniň pikiriçe, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi diňe bir energetika taslamasy bolman, Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirýän giň gerimli ykdysady geçelgä öwrülýär. «Institusional maýadarlar mahabat häsiýetli beýanatlara däl-de, uzak möhletleýin ösüş ugrunyň, ykdysady durnuklylygyň we taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi baradaky anyk subutnamalara esaslanýarlar. Maýadarlar Türkmenistanyň uglewodorod pudagyna diňe eksport girdejileriniň çeşmesi hökmünde däl, eýsem, ykdysadyýeti has giň gerimde diwersifikasiýalaşdyrmagyň binýady hökmünde hem barha köp garaýarlar» diýip, ol nygtady.
Leandro Slowinski Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap: «Ýurda mundan beýläk-de parahatçylyk, abadançylyk we durnukly ösüş, şeýle hem ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda uly üstünlikleri arzuw edýärin!» diýdi. Ol 2026-njy ýylyň 21 – 23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «OGT-2026» halkara maslahatynyň täze maýa goýum mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlyklary birleşdirýän möhüm meýdança boljakdygyny aýtdy.