744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.08.2026
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-mehaniki zawody şanly baýrama ýokary zähmet üstünlikleri bilen barýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki Abatlaýyş-mehaniki zawodynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde netijeli zähmet üstünlikleri gazanylýar. Kärhananyň hünärmenleri nebitgaz senagat we buraw enjamlaryny düýpli abatlaýyş, mehaniki, metal guýujy hem-de rezin önümleri sehlerinde 100-den gowrak dürli maksatly enjamlar arkaly ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Zawodda halypa-şägirtlik mekdebiniň durnukly ösdürilmegi netijesinde ýaş hünärmenler taýýarlanýar. Kärhananyň geçirýän geologiýa-gözleg işlerinde peýdalanylýan buraw desgalary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslar we beýleki tehniki gurallar abatlanyp, olaryň bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Bu ugurda baş mehanik Baýmuhammet Taganow, rezin önümçiliginiň uly ussasy Dawut Taçmämmedow, mehaniki sehiň uly ussasy Nurgeldi Güýçgeldiýew ýaly tejribeli ussatlar öz zähmet göreldesini görkezýärler.

Kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Bagtygül Mämmedowanyň bellenip geçmegine görä, zawodda zähmet çekýänleriň zähmet rugsady döwründe ýurdumyzyň şypahanalarynda, olaryň arasynda Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» şypahanasynda dynç almagy üçin ýeňillikli şertler döredilen. Şeýle hem tomus möwsüminde işgärleriň çagalary Hazar deňziniň kenaryndaky «Gara altyn» sagaldyş merkezinde dynç alyp, saglyklaryny berkitdiler.