Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri toprak örtüginde metan zyňyndylaryny netijeli zyýansyzlandyrýan täze nesil bioserişdesini işläp düzdüler. Bu möhüm ylmy taslama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň hem-de biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Täze oýlap tapyşyň binýadynda ýerli howa şertlerine doly uýgunlaşan metanoksidleýji bakteriýalar durýar. Olaryň düzümindäki metanmonooksigenaza fermenti metany kömürturşy gazyna we suwa öwürip, parnik gazlarynyň daşky gurşawa ýetirýän ters täsirini aradan galdyrýar. Serişdäniň önümçiliginde ýerli çig malyň ulanylmagy bolsa onuň özüne düşýän öndüriliş bahasyny daşary ýurt meňzeşlerinden ep-esli arzanlatmaga mümkinçilik berýär.
Senagat ýüküniň ýokary ýerlerinde metany netijeli neýtralizleýän bu bioserişde adamlar, haýwanlar hem-de daşky gurşaw üçin doly howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Bu ylmy üstünlik Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen durnukly ösüş we ekologiýa strategiýasyny amala aşyrmakda, şeýle hem energetika pudagynda öňdebaryjy ekologik standartlary ornaşdyrmakda möhüm ädim boldy.