Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde halkara tejribä hem-de innowasion çemeleşmelere esaslanýan täze «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» ugry boýunça magistrlik maksatnamasy işe girizildi. Bu maksatnama durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, durmuş jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ýörelgelerini öz işinde ulanmaga ukyply ýokary hünärli magistrleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu barada ýokary okuw jaýynyň metbugat gullugy habar berdi.
Täze magistrlik maksatnamasyny taýýarlamakda Erasmus+ maksatnamasynyň ESGCA hem-de GDCAU ýaly halkara taslamalarynyň çäklerinde gazanylan tejribeler uly binýat boldy. Maksatnamanyň birinji ýöriteleşmesi ekologik, durmuş we dolandyryş (EDD) strategiýalaryna gönükdirilen bolsa, ikinji ýöriteleşmesi nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşi hem-de «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga niýetlenendir.
2026-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen synaglaryň netijesinde täze ugur boýunça 50 sany dalaşgär magistrlik maksatnamasyna okuwa kabul edildi. Talyplar iki topara bölünip, EDD strategiýalary hem-de durnukly ösüş uugurlary boýunça 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap bilimlerini kämilleşdirerler. Bu özgertme ýokary bilim ulgamyny halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim boldy.