744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.08.2026
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň baş habar çeşmesine 15 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2011-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen «Nebit-gaz» gazetiniň döredilenine şu ýyl 15 ýyl dolýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň howandarlygynda neşir edilýän bu ykdysady gazet geçen döwrüň içinde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň metbugat aýnasyna hem-de nebitgaz we geologiýa pudagynyň hakyky ýylýazgysyna öwrüldi.

Neşir geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan — Hytaý we TOPH gaz geçirijileriniň gurluşygy, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi, Türkmenbaşydaky hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň döwrebaplaşdyrylyşy, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi ýaly iri strategik taslamalary yzygiderli beýan edip geldi. Gazet diňe bir önümçilik we geologiýa üstünliklerini däl, eýsem, «ýaşyl» energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de wodorod energetikasy ýaly innowasion ugurlary hem giňden wagyz edýär.

Gazetiň sanly çözgütlere geçmegi we elektron görnüşiniň ösdürilmegi neşiri halkara energetika bilermenleri hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin has-da elýeterli etdi. Saýtda onlaýn tertipde iň soňky täzelikler, strategik şertnamalar we möhüm tender bildirişleri dessin paýlaşylýar. Munuň özi ýurduň «ýaşyl» ykdysadyýet we kagyz tygşytlamak ýörelgelerine hem doly gabat gelýär.

Neşir önümçilik temasy bilen bir hatarda medeniýet, sungat, ylym we sanly ulgam baradaky makalalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlenýän eserleri yzygiderli çap edýär. Ýylyň başyndan bäri yglan edilen döredijilik bäsleşikleri dowam edip, gazet geljekde hem ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalary okyjylara ynamly ýetirmegini dowam eder.