«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Barsagelmez meýdançasyndaky taslama çuňlugy 2 müň 850 metr bolan 1364-nji ulanyş maksatly guýynyň buraw işlerini möhletinden öň tamamlap, täze nebit akymyny aldylar. Röwşen Satlykowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň geçiren geologiýa-tehniki çäreleriniň netijesinde guýydan «gara altynyň» bol senagat akymy alnyp, ol ulanyşa berildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Ýerasty baýlygyň bökdençsiz alynmagy müdirligiň hünärmenleriniň ýokary hünär ussatlygyny hem-de önümçilik meýilnamalarynyň bellenilen möhletlerde berjaý edilýändigini görkezýär. Kärhanada üznüksiz önümçilik işlerinde zähmet çekýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak we tehniki howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna zähmet sowgady hökmünde ulanyşa berlen bu täze guýy ýurduň nebit çykarylyşyny artdyrmaga uly goşant goşýar. Kärhananyň zähmetkeşleri geljekde hem nebitgazly känlerde buraw işleriniň depginini artdyrmagy meýilleşdirýär.