Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 30-njy awgustda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm rol oýnaýandygy bellenilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde gazhimiýa, elektroenergetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi. Şeýle hem taraplar öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýapon tarapy Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen täze taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdi.
«Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation» we «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda senagat toplumlaryny gurmakda toplan baý tejribesi bellenip geçildi. Gepleşikleriň çäklerinde şu ýyl Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hem pikir alşyldy.
Maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu resminama diplomatik gatnaşyklary täze derejä çykarmaga we geljekki bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga binýat bolar.