744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.10.2026

Türkmenistanyň gözel Awaza syýahatçylyk zolagy şu gün — 7-nji oktýabrda halkara ähmiýetli duşuşyklaryň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Ýylyň dowamynda taýýarlyk görlen Awaza duşuşyklarynyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki iri halkara çäreleriň tapgyry badalga alýar. Öňümizdäki günlerde Hazaryň türkmen kenarynda möhüm sebit we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen birnäçe ýokary derejeli duşuşyk geçiriler.

Awazada geçirilýän çäreleriň maksatnamasynyň esasy wakalarynyň hatarynda 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy, 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti bar. Bu duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmek we möhüm ugurlar boýunça täze başlangyçlary öňe sürmek babatda uly ähmiýete eýe bolmagyna garaşylýar.

Ýokary derejeli gepleşikleriň öňüsyrasynda eýýäm birnäçe gün bäri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde hereketlilik has-da artdy. Hazaryň kenaryndaky döwrebap syýahatçylyk zolagy daşary ýurtly myhmanlary, döwlet wekiliýetlerini, halkara guramalaryň wekillerini we dürli ugurlaryň hünärmenlerini garşylamaga doly taýýarlygyny görkezdi.

Awazanyň ähli künjeklerinde geçiriljek çäreleriň ähmiýetini görkezýän nyşanlar, gatnaşyjy döwletleriň baýdaklary, duşuşyklaryň ýazgylary we bezeg serişdeleri aýratyn halkara ýagdaý döredýär. Güýz paslynyň ajaýyp keşbine beslenen syýahatçylyk zolagynda halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilendigi aýdyň görünýär.

Ajaýyp dynç alyş mekany ilkinji myhmanlaryny eýýäm kabul edip başlady. Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan gelen myhmanlar bilen söhbetdeşliklerde olaryň Awazada geçirilýän giň gerimli duşuşyklara uly gyzyklanma bildirýändikleri, şeýle möhüm wakalara gatnaşmagy abraýly pursat hökmünde kabul edýändikleri belli boldy. Döwlet wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly diplomatlar, medeniýet we sungat işgärleri hem bu halkara çäreleriň möhüm ähmiýetini aýratyn belleýärler.

Awazadaky ugurdaş çäreleriň maksatnamasy hem örän giňdir. Şu gün Kongresler merkezinde «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat hem-de «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji maslahat başlady.

«Berkarar» myhmanhanasynda geçirilýän duşuşyklaryň dowamynda GDA agza döwletleriň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşleriniň öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem bu ýerde Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň duşuşygy geçirilýär.

«Deňiz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyk geçirilýär. Duşuşykda Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak, sebitde suw hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

«Hasyl» myhmanhanasynda bolsa oba hojalygy ulgamyna degişli birnäçe halkara çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, seleksiýa we tohumçylyk boýunça halkara maslahat hem-de «Semena» assosiasiýasynyň 28-nji mejlisi bar.

Günüň ahyrynda Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Bu çäre medeni gatnaşyklaryň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşýan wakalaryň biri bolar.

Awazadaky ugurdaş çäreler, maslahatlar, bäsleşikleriň jemleýji dabaralary we sergiler 8-nji hem-de 9-njy oktýabrda hem dowam eder. Hazaryň türkmen kenary şu günlerde diňe bir halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri bolman, eýsem, parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş baradaky başlangyçlaryň öňe sürülýän möhüm merkezine öwrülýär.

Awazada geçirilýän bu giň gerimli çäreler sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp, geljek üçin ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegine möhüm goşant goşar. Türkmenistanyň Hazaryň kenaryndaky bu owadan künjegi ýene-de bir gezek dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine çykýar.