«Baker Hughes» kompaniýasynyň esasy ugurlarynyň biri önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we daşky gurşawa täsirleri azaltmaga gönükdirilen tehnologik çözgütleri ösdürmekden ybaratdyr. Bu barada Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary habar berdiler.
Kompaniýa enjamlary, programma üpjünçiligini we seljeriş gurallaryny birleşdirýän çözgütleri arkaly önümçilik desgalarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, işleriň amatlaşdyrylmagyny üpjün etmek we energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmak mümkinçiliklerini hödürleýär.
Şeýle hem «Baker Hughes» metanyň zyňyndylaryny dolandyrmak, wodorod tehnologiýalaryny ösdürmek hem-de uglerody tutmak, ulanmak we saklamak ugurlarynda halkara tejribesine eýedir. Bu ugurlar häzirki zaman energetikasynyň durnukly ösüşiniň möhüm bölekleriniň biri hökmünde çykyş edýär.
«Baker Hughes» dünýä derejesinde energetika geçişiniň we senagat döwrebaplaşmagynyň esasy tehnologiýa hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde tanalýar. Kompaniýa howpsuz, arassa we netijeli energiýa çözgütlerini ösdürmek maksady bilen 120-den gowrak ýurtda iş alyp barýar hem-de sanlylaşdyrma, zyňyndylary azaltmak we täze energetika tehnologiýalary boýunça halkara taslamalara gatnaşýar.