Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde çykyş edip, ýurdun biologik köpdürlüligi gorap saklamak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara tagallalara yzygiderli goldaw berýändigini tassyklady. Döwlet baştutany çykyşynyň başynda sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Ýerewanda geçirilen bu sammitiň döwletleriň köpdürlüligi goramakda anyk ädımlere geçmäge bolan umumy syýasy erkini görkezýändigi bellenildi. Bu barada Türkmenistan Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň özara baglanyşykly wehimler bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň bu ugurda 2026–2035-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny we Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlandygy, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek, aýratyn hem Hazar we Aral deňizleriniň ekologik ýagdaýyna ünsi çekmek baradaky ileri tutulýan ugurlar beýan edildi. Şeýle hem ÝUNESKO we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyldy.
Çykyşda geljekde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň täze halkara başlangyçlary öňe sürjekdigi mälim edildi. Hususan-da, köptaraply meýdança hökmünde «Aşgabat howa dialogyny» döretmek we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini açmak teklip edilýär. Prezidentimiz hormatly Serdar Berdimuhamedow ösüp barýan we deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitleriniň nazara alynmalydygyny hem-de maliýe we tehnologik goldawlaryň artdyrylmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň geçiriljek 17-nji maslahatynyň işine üstünlik arzuw edip, ýurdun tebigy mirasy gorap saklamak ugrunda ähli halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli ösüşe taýýardygyny tassyklady.