Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Sammitiň jemleri boýunça Ýerewan Jarnamasy kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Ýerewanda geçirilen Liderler sammitine BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary we halkara bilermenler gatnaşdylar. Çäräniň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de COP17 maslahatyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Sammitiň geçirilýän ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasyny yzygiderli goldaýandygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasyny tanyşdyrdy hem-de Hazar, Aral we çölleşmä garşy göreş meselelerini sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Aşgabat howa dialogyny hem-de Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky täze başlangyçlary öňe sürüp, ösüp barýan we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin maliýe serişdelerine hem-de döwrebap tehnologiýalara elýeterliligi giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.