744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Edaralarymyz
“Türkmengazburawlaýyş” müdirligi

 «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň esasy wezipeleri

Müdirlik hojalyk hasaplaşygynda hereket edýän edara bolmak bilen düzümindäki kärhanalaryň, guluklaryň, bölekleriň ýa-da sebitleriň alyp barýan işlerini ugrukdyrýar we onuň esasy wezipeleri şulardan ybarat.

-   Tebigy nebiti we gazy gazyp almak bilen bagly beýleki hyzmatlar;

-   Nebitiň tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çüň gözleg burawlaýyş ugrundaky işler;

-   Nebit-gaz toplumynyň desgalaryna hyzmat etmekde senagat howpsuzlugy boýunça işler;

-   Nebit-gaz toplumynyň we howply desgalaryň gurluşygynda senagat howpsuzlugy boýunça işler;

-   Düzüminde partlama-ýangyn howply we radioaktiw maddalary saklaýan önümleri saklamakda senagat howpsuzlugy boýunça işler;

-   Tehniki synag we gözegçilik etmekde senagat howpsuzlygy boýunça işler.

Müdirligiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

- Döwlet maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin nebit we gazly ýataklary, ulanyş, gözleg, abatlaýyş, anod, suw guýularyny burawlamak we iş beriji bilen baglaşylan şertnamanyň şertine laýyklykda tabşyrmak;

- Döwlet meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmek;

- Ýangyç, elektrik, energiýa, material gurallary tygşytly ulanmagyň çäreleriniň işlenilip düzülmegini amala aşyrmak;

- Tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak.

 

Salgysy: Mary welayat Oguzhan etrabynyn Şatlyk saheri A.Mammedow kocesi jay 5

Telefon belgisi: +993522 7-04-83/7-28-78

Faks: +993559 6-52-56

Elektron poçtasy: buraw@turkmengaz.gov.tm