744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Edaralarymyz
Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalarynyň döwlet seljermesi müdirligi

Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalarynyň döwlet seljermesi müdirligi maliýeleşdiriş çeşmelerine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň desgalarynyň gurluşygyna, giňeldilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, düýpli abatlanylmagyna, tehniki we tehnologik enjamlar bilen täzeçe enjamlaşdyrylmagyna degişli taslamalaryň döwlet tehnologik seljermesini amala aşyrýar.

Şeýle hem, uglewodorod çig malynyň we gaty peýdaly gazyndylaryň ýataklaryny barlamak we özleşdirmek baradaky deslapky taslamalaryň we taslama resminamalarynyň, nebiti we gazy desgalara akdyrmagyň turba geçiriji ulgamlarynyň taslamalarynyň, nebit önümlerini saklaýan ambarlaryň we awtoulaglara ýangyç guýujy bekertleriň tehnologik taslamalarynyň döwlet seljermesini geçirýär. Şunlukda, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna degişli bolmalygyan edara-kärhanalar tarapyndan garalmaga hödürlenýän gurluşyk taslama resminamalarynyň esasynda, Türkmenistanyň çäginde gurulýan beýleki pudaklara degişli desgalaryň diňe tehnologik taslamalarynyň beýleki döwlet seljermesini amala aşyrýar.

Desgalaryň gurluşygyna degişli taslama resminamalary, maliýeleşdiriş çeşmelerine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, maýa goýum meýilnamasynda tassyklanylmazyndan öň döwlet seljermesinden geçirilmelidir.

Taslama resminamalarynyň döwlet seljermesi, gurluşyk desgalarynyň bellenilen tertipde ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen başlangyç maglumatlara, tehniki gollanmalara we tehniki şertlere laýyk gelmegini üpjün etmek üçin gurluşykda maýa goýum işiniň hökmany tapgyrydyr. Ol gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelmeýän desgalaryň döredilmeginiň, ulanylmagynyň we gurulmagynyň öňüni almaga, şeýle hem taslama-gözleg we taslama-çykdajy resminamalaryny seljermekde döwrebap kadalary we standartlary ulanmak arkaly Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna we talaplaryna laýyklykda halkara standartlaryň derejesine ýetmäge gönükdirilendir.

 

Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 58, 744036

Telefon: (+99312) 44-14-01

Faks: (+99312) 44-19-45

Elektron poçtasy: tgazseljeris@turkmengaz.gov.tm